Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

22:4126.08.2023
0
40650
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy we olaryň işini döwrebap derejede alyp barmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi.

Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow, Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Köpetdagyň belent gerişleriniň birinde ýerleşdirilmegi meýilleşdirilýän Arkadag şäheriniň adynyň ýazgysynyň görnüşleri hem görkezildi. Gurbanguly Berdimuhamedow olary synlap, ýazgynyň uzaklardan görünmelidigini, onuň gözegelüwli, özüneçekiji bolmalydygyny, aýratyn-da, ýazgynyň yşyklandyryş ulgamyna häzirki zamanyň ösen tejribesine laýyklykda çemeleşilmelidigini belledi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň