Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Gyrgyzystanda täze ilçisini belledi

22:1825.08.2023
1
38176
Türkmenistan Gyrgyzystanda täze ilçisini belledi
Surat: casp-geo.ru

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken degişli resminamalaryna laýyklykda, Nury Gutlyýewiç Gölliýew Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky (Bişkek şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi. Şeýle-de N.Gölliýewe Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi diýen diplomatik derejesi berildi diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, N.Gölliýew 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanyň Astrahandaky konsuly wezipesine bellenilipdi.

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ozalky ilçisi Şadurdy Meredow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçisi wezipesinden boşadylyp, ol Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi diýip, «Turkmenportal» ozal habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň