Turkmenportal logo
25.08.23
3065130651
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
BRIKS guramasyna öňdäki ýyl alty ýurt girer
BRIKS guramasyna öňdäki ýyl alty ýurt girer

Argentina, Müsür, Eýran, BAE, Saud Arabystany we Efiopiýa halkara BRIKS guramasynyň 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, täze agzalary bolarlar. Bu barada guramanyň şu gezekki sammitiniň geçirilen ýeri bolan GAR-yň Prezidenti Siril Ramaposa habar berdi diýip, «Euronews.com» ýazýar. Ramaposanyň sözlerine görä, guramanyň düzümi geljekde-de giňeldiler.


Ýohannesburgda düýn tamamlanan sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen resminamada täze agzalary kabul etmegiň ýörelgeleri beýan edildi. Häzirki wagtda BRIKS-e agza bolmak üçin 22 ýurt arza bilen ýüz tutdy.


BRIKS bäş ýurduň – Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, HHR-iň we GAR-yň gatnaşmagynda 2006-njy ýylyň iýunynda döredildi.


Gurama agza ýurtlaryň umumy meýdany 39 746 220 inedördül kilometre deň, ilatyň umumy sany 3,21 milliard adam hasaplanýar, bu dünýä ilatynyň 41,5 göterimine deňdir.


BRIKS-iň agzalary has çalt ösýän iri ýurtlar hökmünde häsiýetlendirilýär.