Soňky habarlar

Arhiw

«Garabogaz» gümrük nokadynyň durky täzelener

10:3725.08.2023
0
25594

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň buýurmagynda «Garabogaz» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek hem-de awtoulag serişdelerini barlaýan rentgen barlag enjamyny satyn almak we ony gurnamak bilen bagly gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bildirişde bellenilişi ýaly, gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň