Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleriniň hem-de ýurda sapar bilen gelen Yrak Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi. 24-nji awgustda bolan duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Şeýle hem duşuşygyň dowamynda taraplar ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek meselelerine garadylar. Hususan-da, türkmen tebigy gazyny goňşy we dostlukly ýurt Eýran Yslam Respublikasynyň üsti bilen swap usulynda Yrak Respublikasyna ibermek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habarda bellenilişi ýaly, yrakly hyzmatdaşlar Türkmenistanda bu ugurda durmuşa geçirilýän giň gerimli taslamalara işjeň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini beýan edip, ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen tekliplerini aýtdylar.
Taraplar duşuşykda öňe sürlen teklipleri hem-de ara alyp maslahatlaşmalary hasaba almak bilen, dünýä energetika bazarynda uly orun eýeleýän iki ýurduň bu ugurdaky kuwwatlyklarynyň doly herekete getirilmegi netijesinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.