Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylary gutlady

08:5925.08.2023
0
31241

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara Gutlag iberdi. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Gutlagda şeýle diýilýär:

«Garaşsyz ýurdumyzyň ýaş aýdymçylary!
Gadyrly ýaşlar!

Sizi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz Diýarymyzda şatlyk-şagalaňly geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda alnyp barylýan beýik özgertmeleri, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny wasp edýän täze aýdym-sazlary joşgunly ýerine ýetirmekde size döredijilik rowaçlyklaryny arzuw edýärin.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän iri möçberli döwlet maksatnamalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri has-da gowulanýar, döwletimiziň ykdysady kuwwaty yzygiderli artýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur pähim-paýhasyndan bina bolan Arkadag şäheriniň dabaraly açylmagy, ol ýerde täze iş orunlarynyň müňlerçesiniň döredilmegi bu kämil şäheriň geljegiň we ýaşlaryň şäheridigini görkezýär. Bu ýerde Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň, Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebiniň döredilmegi, geljekde türkmen sungatyny ösdürmäge ukyply nesilleri kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Berkarar döwletimiziň aýdymçy ýaşlary!

Garaşsyz Watanymyzda ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen birlikde, medeniýet ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär. Türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny kämilleşdirmek, medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gündogaryň beýik akyldary we danasy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerinde medeniýet we sungat işgärleri joşgunly çykyş edýärler.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi il içinden aýdym-saz sungatyna höwesli ýaş aýdymçylary ýüze çykarmaga uly ýardam berýär. Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň özboluşly sungat baýramydyr. Bu telebäsleşikde ýerine ýetirilýän aýdymlar ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşynyň belent waspyna öwrülýär. Kalbynda aýdym-saz sungatyna söýgüsi gaýnap duran höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmekde, ýerine ýetirijiligini ýokarlandyrmakda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň aýratyn ähmiýeti bardyr.

Mähriban aýdymçy ýaşlar!

Häzirki zaman türkmen aýdym-saz sungatynyň kemala gelmeginde uly hyzmatlary bitiren meşhur aýdymçylarymyzyň ýerine ýetirijilik ussatlygy, miras goýan aýdymlary halkymyzyň kalbynda baky orun aldy.

Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, opera aýdymçylary Annagül Annagulyýewa, Roza Töräýewa, Roza Hudaýbergenowa, Medeniýet Şahberdiýewa, Hojaw Annadurdyýew, Ata Ilamanow, Aýdogdy Gurbanow, estrada aýdymçylary Annaberdi Atdanow, Öwezgeldi Tekäýew, Saparmyrat Babaýew, Atabaý Çarygulyýew, Nurýagdy Tokgaýew, Gurbansoltan Nurýagdyýewa, Mämi Çaryýew, Gurban Gummanow, Täçmuhammet Hajyýew, Oguljan Makyýewa ýaly halypalaryň aýdan aýdymlary siziň üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidir.

Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri halypa-şägirtlik gatnaşyklaryna uly ähmiýet beripdir. Tejribeli halypanyň kämil mekdebini geçen şägirtler sungat äleminde öz orunlaryny tapypdyrlar. Halypa-şägirtlik ýörelgesini üstünlikli dowam etmek häzirki döwürde hem möhümdir. Biz höwesjeň aýdymçy ýaşlarymyzyň ussat halypalaryň döredijilik mekdebini çuňňur öwrenip, milli aýdym-saz sungatymyzy has-da kämilleşdirmek, ilhalar aýdymlary döretmek ugrunda zehin-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna berk ynanýarys.

Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçylary!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Size şanly baýramlarymyzyň şowhunyny artdyrýan täze aýdym-sazlary uly joşgun bilen ýerine ýetirmekde döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň