Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow bu döwletiň Daşary işler ministrliginiň maliýe we dolandyryş işleri müdiriýetiniň müdiri Saad Muhammed Al-Tamim bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçihanasy habar berýär diýip, «Orient» ýazýar.
Duşuşykda iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de dostlukly gatnaşyklara ýardam bermegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ozal Türkmenistanyň Katar Döwletindäki täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Myrat Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Emiri Tamim bin Hamad Al Tani tarapyndan kabul edilendigi barada habar beripdik.