Turkmenportal logo
22.08.23
6113861138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanda gid-terjimeçileriň we instruktorlaryň hünär synagynyň şertleri, hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibi tassyklandy
Türkmenistanda gid-terjimeçileriň we instruktorlaryň hünär synagynyň şertleri, hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibi tassyklandy

Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň 2023-nji ýylyň 21-nji iýulynda çykaran 255-Ö belgili buýrugy esasynda, syýahatçylyk boýunça gid-terjimeçileriň (ýolbeletleriň) we instruktorlaryň hünär synagynyň şertlerini, hünär synagyndan geçmegiň we hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibi tassyklanyldy.


Tertip VI bapdan ybarat bolup, onda: hünär synagynyň şertleri, hünär synagyndan geçmegiň we hünär resminamasynyň berilmeginiň tertibi, syýahatçylyk işiniň subýektlerine bildirilýän talaplar, hünär resminamasynyň hereketiniň togtadylmagy, ýatyrylmagy barada aýdylýar.


Buýruk Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2023-nji ýylyň 15-nji awgustynda 1727 bellige alyş belgisi bilen döwlet belligine alnan. Buýrugyň doly görnüşi bilen şu salgydan tanşyp bilersiňiz.