Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen wekiliýeti BMG-niň Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisiniň işine gatnaşýar

10:4322.08.2023
0
28524

22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisiniň işine gatnaşýar. 7-nji awgustda başlanan mejlis 31-nji awgusta çenli öz işini dowam eder.

Mejlisiň birinji gününiň dowamynda gatnaşyjylar Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişini bilen bagly birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşlarynyň dowamynda türkmen jemgyýetinde syýasy, ykdysady, hukuk we medeni-durmuş ugurlary boýunça bar bolan oňyn üýtgeşmeler barada giňişleýin maglumatlary berdi.

Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygy we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek, jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak ugrunda degişli işleri alyp barýandygy barada bellenilip geçildi.

Çeşmede bellenilişi ýaly, jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek meselesinde Türkmenistanyň Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi. Milli derejede bu ýörelgeler kanunçylygy kämilleşdirmekde hem, hukuk goraýjy tejribäni durmuşa geçirmekde hem goldanýar we göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň