Türkmenistan Hytaýa turbageçirijiler arkaly tebigy gazy eksport etmekde öňdebaryjylygy özünde saklaýar. Bu barada Hytaýyň Baş gümrük müdirligine salgylanyp, TASS habar berdi.
Çeşmede bellenilişine görä, Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda Hytaýa turbageçirijiler arkaly umumy bahasy 5,85 millliard amerikan dollaryna deň bolan tebigy gazy eksport edipdir. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirileninde, 10 göterim köpdür.
Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda türkmen mawy ýangyjy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa iberilýär. Şol bir wagtyň özünde degişli döwürde bu gaz geçiriji arkaly Özbegistanyň Hytaýa eksport eden tebigy gazy 41,6 göterim, Gazagystanyň hytaý bazaryna iberen mawy ýangyjy bolsa 5,4 göterim azalypdyr.
Ýeri gelende bellesek, üç şahadan ybarat bolan bu gaz geçirijiniň üsti bilen ýylda 55 milliard kub metr tebigy gazyň Merkezi Aziýadan Hytaýa iberilmegi üpjün edilýär. Şonuň 40 milliard kub metri Türkmenistanyň paýyna düşýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň üstünden geçjek dördünji şahasy boýunça gepleşikler alnyp barylýar. Dördünji şahanyň gurulmagy arkaly Türkmenistandan Hytaýa eksport edilýän tebigy gazy ýyllyk 65 milliard kub metre ýetirmäge mümkinçilik dörär.