Turkmenportal logo
21.08.23
2774927749
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Roskosmos» edarasy «Luna-25» enjamynyň hatardan çykandygyny habar berdi
«Roskosmos» edarasy «Luna-25» enjamynyň hatardan çykandygyny habar berdi

Russiýanyň «Roskosmos» döwlet edarasynda «Luna-25» kosmos stansiýasynyň hatardan çykandygyny habar berdiler, ol Ýeriň hemrasynyň üstüne gonmalydy. Bu barada «Habar 24» ýazýar.


Deslapky seljermeleriň netijeleri boýunça ugrundan azaşan enjam hasaba alynmadyk orbita çykdy, netijede, Aýyň üsti bilen çaknyşdy.


Ýeri gelende aýtsak, enjam 11-ji awgustda uçuryldy. Ol Aýdan toprak almalydy we Aýyň üstki gatlagynda hem-de ekzosferasynda ylmy barlaglary geçirmelidi.


19-20-nji awgustda enjamy gözlemek boýunça geçirilen işler netijesiz tamamlandy.