2022-nji ýylyň aprelinden şu ýylyň mart aýyna çenli döwürde Türkmenistanyň Beýik Britaniýa eksporty 400 göterim ýokarlanyp, 15 million funt sterlinge barabar boldy. Şonuň 10 million funt sterlingi (66,7 göterimi) harytlaryň eksportynyň, 5 million funt sterlingi (33,3 göterimi) bolsa hyzmatlaryň paýyna düşýär. Şunlukda Türkmenistandan Beýik Britaniýa amala aşyrylan eksportyň geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12 million funt sterling möçberde artandygyny görmek bolýar. Bu barada Beýik Britaniýanyň Biznes we söwda departmentine salgylanyp, newscentralasia.net saýty habar berýär.
Degişli döwürde Beýik Britaniýanyň Türkmenistana eksporty 37 million funt sterlinge ýetip, onda harytlaryň paýy 15 million funt sterlinge (40,5 göterime), hyzmatlaryň paýy bolsa 22 million funt sterlinge (59,5 göterime) barabar bolupdyr.
Şeýlelikde, hasabat döwründe Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 30 göterim ýokarlanyp, 52 million funt sterlinge deň boldy.