Häzirki eýran ýylynyň ilkinji dört aýynda (2023-nji ýylyň 21-nji martyndan 22-nji iýuly aralygynda) Eýran Türkmenistana, takmynan, umumy bahasy 136 million dollara barabar bolan 405 müň tonna nebitden daşary önüm eksport etdi diýip, «Trend.az» habar berdi.
Eýran Yslam Respublikasynyň Gümrük Dolandyryşynyň (IRICA) maglumatlaryna görä, hasabat döwründe Eýranyň Türkmenistana nebitden daşary eksporty gymmaty boýunça 2,53 göterim ýokarlanyp, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 7,62 göterim azaldy.
Geçen eýran ýylynyň şol döwründe Eýran Türkmenistana umumy bahasy 132 million dollarlyk 439 müň tonna haryt eksport etdi. Eýran 4 aýyň içinde, esasan, oba hojalygy we azyk önümleri, senagat önümleri, transformatorlar, kondisionerler, nebithimiýa önümleri we ş.m. eksport etdi.
Diňe şu eýran ýylynyň 4-nji aýynda (2023-nji ýylyň 22-nji iýunyndan 22-nji iýuly aralygynda), Eýranyň Türkmenistana nebitden daşary eksporty, takmynan, 91 300 tonna (28,7 million dollara golaý) boldy. Umuman alanyňda, şu eýran ýylynyň ilkinji 4 aýynda Eýran bahasy 15,9 milliard dollara golaý bolan 45,8 million tonna nebitden daşary önüm eksport etdi.