Soňky habarlar

Arhiw

«Apple» kompaniýasynyň «iPhone 15» eltelefonlaryna isleg azaldy

09:1718.08.2023
0
23779

Täze «iPhone 15» smartfonynyň tanyşdyrylyş dabarasynyň öňüsyrasynda «Apple» kompaniýasy onuň 2023-nji ýyl üçin önümçiliginiň möçberlerini azaltmak kararyna geldi. Bu barada «Haitong International Securities» kompaniýasynyň seljerijisi Jeff Punuň sözlerine salgylanýan «9To5Mac» neşiri habar berdi diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.

Ilkibaşda «Apple» 2023-nji ýylda 83 million sany «iPhone 15» kysymly smartfonyny öndürmegi meýilleşdiripdi, indi bu görkeziji 77 million birlige çenli azaldyldy.

«Haitong International Securities» kompaniýasynyň hünärmeni önümçiligiň kemeldilmeginiň iki sebäbiniň bardygyny belleýär. Birinjisi, täze telefonlar üçin düzüm bölekleriniň üpjünçiliginiň kynçylygydyr. Şol bir wagtda «Apple» üçin «Sonynyň» täze fotosensorlary, titan gurşawlar, şeýle-de has inçe çarçuwaly displeýler ýetmezçilik edýär.

Ikinji sebäbi, gymmat bahaly smartfonlara isleg barha pese gaçýar.

Täze «iPhone 15» smartfonynyň tanyşdyrylyşy öňdäki sentýabrda bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň