Şu gün Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen Malaýziýanyň Mejlisiniň Wekiller palatasynyň spikeri Tan Şri Dato Johari Abdulyň arasynda gepleşikler geçirildi.
«Newscentralasia.net»-iň Kuala-Lumpurdaky türkmen ilçihanasyna salgylanyp habar bermegine görä, taraplar parlament hyzmatdaşlygyny güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň barşynda Şri Dato Johari Abdul şu ýyl Türkmenistana baryp görmek isleýändigini mälim etdi.
Türkmen ilçisi bu teklibi makullady we bu saparyň iki döwletiň arasyndaky parlamentara gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.