Turkmenportal logo
17.08.23
4523745237
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň milli floty daşary ýurt gämilerine ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär
Türkmenistanyň milli floty daşary ýurt gämilerine ýangyç guýmak hyzmatlaryny hödürleýär

Türkmenistanyň deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna gelýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýmak hyzmatlaryny hödürleýär.


«Size diňe bir Türkmenbaşy portunyň gämi duralgalarynda däl, eýsem syýahat wagtyny ep-esli tygşytlaýan we gämilere ýangyç guýlandan soň bellenen ugry gitmäge mümkinçilik berýän 78-nji ýol meýdançasynda deňiz ýangyjyny guýmak hyzmaty hödürlenýär» diýlip, deňiz flotunyň resmi web sahypasynda aýdylýar.


Bunkering, ýagny ýangyç guýmak hyzmaty ýangyçdan başga-da daşary ýurt gämilerini agyz suwy we azyk bilen üpjün etmäge mümkinçiligi bolan «Serpaý» gämisi arkaly amala aşyrylýar.