Turkmenportal logo
17.08.23
2266522665
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Stambulda suwuň 61 günlük ätiýaçlyk gory galdy
Stambulda suwuň 61 günlük ätiýaçlyk gory galdy

Stambuly üpjün edýän suw howdanlarynda iki aýa ýeterlik suw galdy diýip, NTV teleýaýlymyna salgylanýan «News.ru» ýazýar. Eger guraklyk dowam etse, ýagdaý has kyn bolup biler diýip, hünärmenler belleýärler.


Netijede, şäheriň 91 günlük suw gory bar, eger bugarmany hasaba alsaň, ätiýaçlyk gory bary-ýogy 61 güne ýeter diýip, ady tutulan teleýaýlym habar berdi.


Stambuluň Suw gorlary we lagym ulgamy edarasynyň (İSKİ) maglumatlaryna görä, häzir suw howdanlaryndaky gorlar 33,37 göterimi düzýär, bu 289 million kub metrden gowrakdyr. Soňky iki hepdede şäher günde üç ýarym million kub metr suw sarp etdi. Şol döwürde howdanlaryň suwunyň derejesi 4 göterimden hem gowrak azaldy.


Edara 2014-nji ýylyň degişli döwründe howdanlaryň 17 göterim doly bolandygyny ýatladýar. Emma soňky ýedi ýylda suwuň möçberi 52 göterimden pese gaçmandyr. Geçen awgustda howdanlar 62 göterim doldurylypdyr.