Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbe sammitinde gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça möhüm resminamalara gol çekiler

10:5617.08.2023
0
20342

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy 14-15-nji sentýabr günleri Täjigistanyň paýtagty Duşenbe şäherinde geçiriler. Bu barada Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin mälim etdi diýip, «Sputnik» habar berýär.

Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygy Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň başlyklygynda geçiriler.

Jenap ministr Sirojiddin Muhriddin Duşenbe sammitinde resminamalar toplumyna gol çekiljekdigini, şolaryň arasynda iň esasysynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy boljakdygyny habar berdi. Şeýle-de gury ýerdäki ulag ulgamy we ýaşlar syýasaty boýunça hem möhüm ähmiýetli resminamalara gol çekiler.

— Täjigistan Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynyň çäginde 12 sany ugurdaş çäreleri geçirmegi teklip etdi. Olaryň arasynda ykdysady forum, alymlaryň forumy, Zenanlaryň dialogy, medeni maksatnama, sergi we beýleki çäreler bar – diýip, Täjigistanyň DIM-niň ýolbaşçysy belledi.

Şol bir wagtyň özünde Duşenbe şäherinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini hen geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda birnäçe resminamalara hem gol çekilmegine garaşylýar.

Ýeri gelende bellesek, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň ilkinjisi 2018-nji ýylda Astana (Gazagystan) şäherinde geçirilipdi. 2021-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygyny kabul edipdi.

Ozal 9-10-njy awgustda Duşanbe şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döwlet Baştutanlarynyň Täjigistana amala aşyrjak sapary boýunça maslahatlaryň geçirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň