Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumy açyldy

23:5715.08.2023
0
35488

15-nji awgustda Hazaryň kenarynda Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. «Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, dabarada serhetçileriň höwesjeň toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary, harby orkestriň çykyşy hem-de Watana bolan söýgini wasp edýän sahna eserleri çäräniň ruhubelentligini has-da artdyrdy. Ruhubelentlik bilen ýerine ýetirilen kompozisiýalarda ýurduň gazanýan üstünlikleri, döwlet Baştutanynyň alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýik başlangyçlary öz beýanyny tapdy.

Täze toplum bilen tanyşlyk dolandyryş binasynyň tehniki taýdan üpjünçiligini, şol sanda häzirki zaman enjamlaryny synlamakdan başlandy. Ol ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýär.

Täze tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň, elektron kartanyň kömegi bilen Hazar deňzindäki ýolagçy we harby gämileriň hereketlerini synlamak, olaryň ýangyç we suw üpjünçiligini kesgitlemek bolýar.

Dolandyryş bölüminde alnan maglumatlar toplanylýar we işlenilýär hem-de harby gullukçylaryň ygtyýaryndaky tehniki serişdeleriň kömegi bilen bellenen ýerlere çaltlyk bilen iberilýär.

Toplumyň çäginde okuw binasy göz öňünde tutulypdyr. Ol bina hem iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Sanly ulgamyň we okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ulanylmagy harby gullukçylara döwrebap bilimleri, harby gämileri we ugurdaş tehnikalary dolandyrmak başarnygyny ele almaga, deňiz giňişligine gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Dabara gatnaşyjylar toplumyň çäginde ýerleşýän gämi duralgasyna bardylar. Bu duralga zerur bolan enjamlar bilen üpjün edildi we gämileriň hem-de katerleriň howpsuz gelip durmagy üçin bildirilýän talaplara we kadalara laýyk gelýär. Bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet senasynyň owazynyň astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy belende galdyryldy.

Dabaranyň barşynda ýygnananlar deňiz serhetçileriniň ygtyýarynda bar bolan ýokary tizlikli gäminiň tehniki görkezijileri we aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Toplumyň çäginde zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen 200 orunlyk ýatakhananyň binasy ýerleşýär. Bu ýerde deňizçi serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtlaryny peýdaly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler döredilipdir, okuw otaglary hem-de beýleki durmuş maksatly otaglar göz öňünde tutulypdyr. «Galkynyş» otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa deňizçi serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna hem-de özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna ýardam edýär. Täze binalar toplumynda serhetçileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmekleri, edebiýat, çeper döredijilik bilen gyzyklanmaklary üçin zerur bolan şertler doly üpjün edilipdir.

Täze toplumyň çäginde üsti açyk we ýapyk sport meýdançalary döredildi. Şol meýdançalaryň birinde guralan görkezme çykyşlaryň barşynda şahsy düzüm beden taýýarlygyň ýokary derejesini hem-de sport ussatlygyny görkezdi.

Täze desgalaryň hatarynda halkara standartlara laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen lukmançylyk bölümi hem bar. Bu ýerde lukmanlar tarapyndan serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary hilli hyzmatlaryň edilmegi üçin ähli şertler döredildi.

Mundan başga-da, toplumyň çäginde giň we ýagty naharhana, aşhana hem-de çörek bişirilýän ýer bar. Olar döwrebap enjamlar bilen üpjün edildi. Bu ýerde şeýle hem durmuş maksatly otaglar, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ammarlar göz öňünde tutuldy.

Desgalaryň hatarynda otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan 48 öýli üç gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi bar. Olarda Watan goragçylarynyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin zerur şertler göz öňünde tutuldy.

Dabaraly çäräniň çäklerinde Döwlet serhet gullugynyň täze desgalar we binalar toplumyna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan awtoulag serişdeleri gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň