Türkmenabadyň «Ak pamyk» pamyk serişdelerini öndürýän fabriginde lukmançylyk pamygyny we pamyk serişdeleriniň önümçiliginde esasy çig mal hökmünde ýurduň nah ýüplük egriji fabrikleriniň galyndylary ulanylýar.
Jeyhun.news-iň berýän habaryna görä, «Ak pamykda» şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda pamygyň 1 müň 636 tonnasy taýýarlanyldy.
Taýýarlanan önümiň 151 tonnasy lukmançylykda, galan 1 müň 485 tonnasy gaýry maksatlar üçin ulanylmaga niýetlenilen pamykdyr. Habarda bellenilişi ýaly, degişli döwürde edilen işleriň pul hasabyndaky möçberi bolsa 4 million 457 müň 647 manatlyga deň boldy.

