Täze okuw ýylynda «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsümi «Beýik Magtymguly Pyragynyň taglymaty — umumadamzat gymmatlyklarynyň milli şamçyragy» atly şygar bilen başlanýar.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we ýokary okuw mekdebiniň düzümindäki Ýaş diplomatlar mekdebi 9, 10 we 11-nji synp okuwçylaryny, şeýle hem talyp ýaşlary bäsleşige gatnaşmaga çagyrýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýän mekdep okuwçylaryna şahsy maglumatlaryny 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabryna çenli parahatchylygynchaparlary@gmail.com elektron poçta salgysyna ibermeli. Talyplar üçin saýlama tapgyry sentýabryň birinji ongünlüginde geçiriler. Bäsleşige gatnaşmagyň düzgünleri bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň HGI-niň web-saýtynda giňişleýin tanşyp bilersiňiz.
Saýlaw tapgyrynda dalaşgärler ýarysy türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan 100 synag sowalyna jogap bermeli bolarlar. Mundan başga-da, synag sowallary Türkmenistanyň taryhyna, XVII-XVIII asyrlaryň dünýä taryhyna degişli bolar. Iňlis dili boýunça tabşyryklar we IQ (akyl görkezijisini) kesgitleýän sowallar bolar.
Saýlaw synaglaryndan üstünlikli geçen bäsdeşler «Parahatlygyň ýaş çaparlary» atly akyl-paýhas bäsleşiginiň üçünji möwsümine gatnaşmaga hukuk gazanarlar. Bu ýyl ol 8 saýlama oýnundan, iki ýarym finaldan we finaldan ybarat bolmak bilen, tapgyrlaýyn geçiriler.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň III möwsüminiň ilkinji oýnunyň mowzugy Döwletmämmet Azady we onuň döwründe Merkezi Aziýada halkara gatnaşyklara bagyşlanýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.