Turkmenportal logo
12.08.23
3088230882
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Nebitçi» «Aşgabady» ýeňip, ikinji orna göterildi
TÝL ― 2023: «Nebitçi» «Aşgabady» ýeňip, ikinji orna göterildi

Balkanabadyň «Nebitçi» futbol topary Ýokary liganyň 12-nji tapgyrynda paýtagtyň «Aşgabadyny» kabul edip, güýçli garşydaşyny uly hasapda ýeňdi. Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk «Nebitçiniň» 6:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.


Ýer eýelerinden Akmämmet Metdäýewiň iki gol geçiren duşuşygynda beýleki gollary Magtymguly Berenow, Döwran Berdiýew we Abdymuhammet Begjanow dagylar geçirdi. «Aşgabat» bu gollara diňe Döwrangeldi Jumaýewiň tapawutlanmagynda bir gezek jogap berip bildi.


Bu ýeňişden soň utugyny 22-ä çykaran «Nebitçi» ýaryş tertibinde ikinji orna göterildi. Toparyň täze aýlawda bassyr ikinji ýeňşini gazanandygyny ýatladýarys. 13 utukly «Aşgabat» bolsa bäşinji orunda galdy.


Türkmenistanyň çempionaty ― 2023, 12-nji tapgyr


12.08.2023 ý. «Sport toplumy» (Balkanabat şäheri).


«Nebitçi» – «Aşgabat» ― 6:1


Gollar: 6 Magtymberdi Berenow, 23 (11 m.j.u.), 57 Akmämmet Metdäýew, 41, 67 Döwran Berdiýew, 90+1 Abdymuhammet Begjanow – 73 Döwrangeldi Jumaýew.