Täze okuw ýylynda Türkmenabat şäherinde tehnologiki derslere ýöriteleşdirilen ilkinji mekdep işe girişer. Bu babatda ders bermek hukuk ygtyýarlygy şäherdäki 32-nji orta mekdebe berildi.
Has takygy, mekdepde täze okuw ýylyndan başlap, maglumat tehnologiýalary, programmirleme we kiberhowpsuzlygy bilen bagly dersler has çuňlaşdyrylan görnüşde okadylar. Häzirki günlerde bu bilim ojagynda agzalan ugurlar boýunça has kämil hünärmenler işe çekilýär diýlip, Jeyhun.news tarapyndan habar berilýär.
Orta mekdepleriň ýokary synplarynda çuňlaşdyrylan görnüşde geçiljek sapaklar ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan has sowatly baş çykarmagyna ýardam berer. Habarda ýazylyşyna görä, çuňlaşdyrylan tehnologik dersler 11-nji we 12-nji synplarda hepdede iki sagat geçiler.
Bu dersler şol bir wagtyň özünde hünär dersleri bolar we mekdebiň uçurymlaryna orta mekdebi tamamlandyklary barada şahadatnama bilen bilelikde başlangyç hünär şahadatnamasy berler.