Gawaý adalaryny gurşan güýçli ýangyna Dora deňiz harasaty sebäp boldy, ýangyndan Gawaý adalaryndaky ikinji uly ada bolan Maui has-da ejir çekdi diýip, BBC teleýaýlymyna salgylanýan «Informburo.kz» habar berýär.
Ýerli habar beriş serişdeleri gawaý şäherjiginiň ýaşaýjylarynyň ýangyndan halas bolmak üçin özlerini ummanyň suwuna oklaýandygyny habar berýär. ABŞ-nyň deňiz goragy gullugynyň maglumatlaryna görä, 12 adam ummanda halas edildi. Adanyň bir bölegini ýangyn küle öwürdi. Ilaty 13 müň adam bolan şäherjikde onlarça öýlerdir kärhanalar ýandy. Maui adasyndan ilat göçürildi.
Iki müň jahankeşdäniň adadaky Kahului howa menzilinde gizlenendigi habar berilýär.
«Interfax.ru» habarlar gullugy azyndan 36 adamyň pida bolandygyny we adadaky meşhur Lahaýna şäheriniň uly böleginiň ýok bolandygyny habar berdi.
Gawaýlaryň gubernatory Joş Grin jahankeşdelik we ykdysady merkez bolan 9 müň ilatly Lahaýna şäherindäki uly heläkçilik barada metbugata beren beýanatynda aýtdy.
Ýerli ýaşaýjylar ýangynyň elhençligi barada gürrüňlerinde: «Indi biziň şäherimiz ýok» diýýärler.