Turkmenportal logo
11.08.23
3826438264
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde 59 million manatlykdan gowrak iş edildi
Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde 59 million manatlykdan gowrak iş edildi

Bäherden etrabyndaky Ýüplük fabriginde öndürilýän 27/1, 34/1 belgili nah ýüplükler dünýä bazarynda uly islege eýedigi we bäsdeşlige ukyplylygy bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, olar Russiýa, Hytaý, Türkiýe, Azerbaýjan, Gazagystan ýaly döwletlere yzygiderli eksport edilýär diýlip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. Şu ýyl öndürilen ýüplükleriň bir bölegi agzalan ýurtlara eksport edildi.


Kärhanada şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda 59 million 220 müň manatlykdan gowrak iş edilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 105 göterim ösüş depgininiň üpjün edilmegi hem muňa şaýatlyk edýär. Habarda bellenilişi ýaly, şol döwürde bu kärhanada 3537 tonna golaý ýokary hilli nah ýüplük öndürildi.