Turkmenportal logo
10.08.23
5034850348
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we Tsukuba uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we Tsukuba uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldySurat: mfa.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow Tsukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata bilen duşuşyk geçirdi.


Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň we Tsukuba uniwersitetiniň arasynda akademiki hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berilýär.


Habarda bellenilişi ýaly, taraplar talyplaryň we mugallymlaryň alyş-çalşygyny güýçlendirmeklige, bilelikdäki gözleg taslamalaryny we ylmy maslahatlary guramaklyga çuňňur gyzyklanma bildirdiler.


Taraplar geljekde hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekligiň ýollary barada hem pikir alyşdylar.