Alymlaryň halkara toparyna Müsür piramidalarynyň syryny anyklamak başartdy diýip, «MIR 24» ýazýar. Hünärmenler köp wagt bäri dünýäniň bu ýedi gudratynyň biriniň gurluşygynda ulanylan äpet daşlaryň ol ýere nähili usul arkaly eltilendigi barada jedelleşýärdiler.
Indi arheologlar gadymy müsürliler gurluşyk meýdançasyna daşlary Niliň häzirki wagtda guran goşantlarynyň biri arkaly elten bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Öz ylmy çaklamasyny tassyklamak üçin olar piradimalaryň etrabyndaky daşa dönen topragyň nusgalaryny laboratoriýa iberdiler.
Görlüp oturylsa, iberilen nusgalarda gadymy derýa mahsus bolan tozan we ösümlik bölejileri bar eken.
Alymlaryň pikiriçe, öň Niliň bir goşandy bolup, daşlary onuň suwy arkaly gurluşyk ýerine daşapdyrlar. Ol gurluşyk tamamlanandan iki müň ýyl soňra gurapdyr. Biziň eýýamymyzdan öň 500-nji ýyla çenli ol derýa goşandyndan yz galmandyr diýip, «The New York Times» gazeti ýazýar.