Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli kitaplar çap edilýär

10:1210.08.2023
0
41396

Meşhur türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2023-2024-nji ýyllarda akyldar şahyryň ömri we döredijiligi, goşgularynyň ýygyndylary, şol sanda baý suratly sowgatlyk kitaplaryny diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, birnäçe daşary ýurt dillerinde hem neşir etmek meýilleşdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berdi.

Neşir işlerine Türkmenistanyň Döwlet neşirýat gullugy, «Ylym» ylmy neşirýaty, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty, ýurduň Medeniýet we Bilim ministrlikleri, ýokary okuw mekdepleri we beýleki degişli ulgamlar işjeň gatnaşýarlar.

Meýilleşdirilen neşirleriň käbiri eýýäm Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň okyjylar köpçüligine ýetirildi, käbirleri bolsa neşir edilmäge taýýarlanylýar.

2023-nji ýylyň iýun aýynda Aşgabatda geçirilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri we Magtymguly Pyragy» atly Halkara ylmy maslahatyň gysgaça mazmuny, alymlaryň, aspirantlaryň, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy institutlaryň doktorantlarynyň ylmy işlerini öz içine alýan «Magtymguly Pyragy — dünýä danasy» atly makalalar ýygyndysy, türkmen nusgawy şahyryna bagyşlanan «Magtymgula tagzym» atly häzirki zaman şahyrlaryň goşgular ýygyndysy, «Kalplara siňen Pyragy», «Pyragyň waspyny äleme buşlar», «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» atly goşgular ýygyndylary, «Magtymguly Pyragynyň dürdäne pikirleri» atly akyldaryň paýhasly sözleri we «Akyl hazynasy» atly okuw gollanmasy diňe şu ýylyň dowamynda türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilen neşirleriň sanawydyr.

Magtymguly Pyragynyň daşary ýurtlarda özbek, türk we arap dillerinde neşir edilen goşgular ýygyndylary şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanýar

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň