Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky «Göwher» dükany täze kosmetika önümleri bilen tanyşmaga çagyrýar

12:4709.08.2023
0
50883

Aşgabatdaky «Göwher» lýuks kosmetika dükanynda gözellik pudagynyň dünýäde öňdebaryjy wekilleriniň bezeg we ideg maksatly kosmetika önümleriniň iň baý görnüşleri hödürlenýär. Bu ýerde her bir müşderi adaty günlerde-de, aýratyn dabaraly ýagdaýlarda-da ajaýyp görünmek üçin özüne gerek önümleri tapar.

«Göwher» dükanynyň tekjelerinde «Dior», «Estee Lauder», «Clarins», «Huda Beauty», «Mac», «Sephora», «Vichy» we beýleki haryt nyşanlarynyň kosmetika önümleri hödürlenýär. Bu ýerde ýetginjeklerden başlap, uly ýaşlylara çenli islendik deri üçin ideg serişdelerini, bezeg üçin kosmetika önümlerini we atyrlaryny satyn almak mümkindir.

Tejribeli satyjy-geňeşçiler kosmetika serişdeleri barada gürrüň bererler, dogry önümi saýlamaga we gerek bolan harydy tapmaga kömek ederler.

«Göwher» dükanynda yzygiderli belli bir haryt nyşanynyň önümlerine dürli arzanladyşlar, bäsleşikler we baýrakly oýunlar geçirilýär. Dükanda hödürlenýän görnüşleriň yzygiderli üsti ýetirilýär, şonuň üçin bu ýerde iň täze önümleri tapmak kyn düşmeýär.

«Göwher» dükany alyjylara şu salgyda garaşýar: Aşgabat, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 2-nji gat, «Gowher cosmetics shop» dükany.

Habarlaşmak üçin telefonlar: (+993 12) 46 80 94, (+993 63) 14 44 12.

Sosial ulgamdaky sahypasy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň