Yragyň Energetika ministrligi Türkmenistandan we Katardan gaz importyny ýola goýmak maksady bilen, bilelikdäki komitet döretdi.
«Iraqi News» habarlar gullugynyň habaryna görä, bu komitetiň düzümi Yragyň Nebit ministrliginiň we Elektrik ministrliginiň işgärlerinden ybarat bolup, Türkmenistandan we Katardan gaz importyny ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini alyp barar. Komitetiň wekiliýetleri iki ýurtda bolup, tebigy gaz satyn almak üçin bolup biljek şertnamalary ara alyp maslahatlaşarlar.
Yragyň import edýän gazy ýurduň merkezi we günorta welaýatlaryndaky elektrik beketlerinde ulanylýar. Bu elektrik beketleri jemi 7000 megawat energiýa öndürýär.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2-nji awgustda Türkmenistanyň Gazagystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Batyr Rejepow Yrak Respublikasynyň Gazagystandaky ygtyýarly wekilli Jaber Najma Abdullah Al Temimi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda yrak wekiliýetiniň ýakyn wagtda Türkmenistana boljak sapary bilen baglanyşykly guramaçylyk we taýýarlyk meseleleri boýunça maslahatlaşyldy. Şeýle-de ozal Yragyň Premýer-ministri Muhammet Şia al-Sudaniniň Hökümet agzalaryna Türkmenistandan we Katardan «mawy ýangyjy» import etmegiň mümkinçiliklerini düýpli öwrenmegi tabşyrandygy barada habar beripdik.