Türkmenistanyň at gazanan artisti, «Ýylyň parlak ýyldyzy — 2020» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi, zehinli aýdymçy Leýli Ökdirowa Russiýanyň Astrahan şäherinde geçiriljek «Hazar möwsümleri» atly halkara nusgawy sungat festiwalynyň açylyş dabarasynda çykyş eder. Bu barada astr.kassir.ru. ýazýar. Festiwal 22-nji awgust — 6-njy sentýabr aralygynda geçiriler.
Habarda bellenilişi ýaly, festiwalyň açylyş dabarasyna rus operaçysy Ildar Abdrazakow, Azerbaýjanyň halk artisti Elçin Azizow, eýranly sazanda Mehdi Hosseýni we beýleki meşhur sungat ussatlary hem gatnaşar. Festiwala daşary ýurtly myhmanlar we Russiýanyň raýatlary çagyryldy.
Astrahan oblasty bu festiwaly eýýäm üçünji gezek geçirýär. Festiwalyň açylyş dabarasy 22-nji awgustda Astrahan Kremlindäki meýdançada geçiriler.
Häzirki wagtda bu ýerde sahna meýdançasyny taýýarlamak, yşyk we ses enjamlaryny guramak ýaly işler alnyp barylýar. Guramaçylaryň bellemegine görä, festiwal ýatdan çykmajak multimediýa çykyşlary özünde jemlär.