Top.Mail.Ru

Germaniýanyň Roýtlingen şäherine doly ýagdy

15:4907.08.2023
0
37739

Germaniýanyň Roýtlingen şäherinde duýdansyz ýagan doly 30 santimetrlik buz syrgynlaryny döretdi, köçeleri arassalamaga 250 sany işgär we gar arassalaýjy maşynlar çekildi diýip, «Deutsche Welle» neşirine salgylanýan «Kazinform» habar berýär.

Şäheriň häkimiýetleri buz gatyşykly harasatyň we çabgalaryň şäheriň merkezine düşendigini habar berdiler. Ýangyn söndürijilerdir halas edijiler 120 gezek gyssagly çakylyk aldy.

Roýtlingeniň häkimligi buzuň we ýapraklaryň şäher lagym ulgamynyň işini bökdändigini habar berdi, netijede, ýerasty duralgalardyr ýerzeminleri, ýaşaýyş jaýlaryny suw basdy. Şäheriň içinden akýan Ehaz derýasynyň suwy sähel wagtda 1,5 metr ýokarlanyp, kenarlaryndan agdy.

Roýtlingen şäheri Ştutgart bilen Şweýsariýanyň serhedindäki Baden-Wýurtembergiň arasynda ýerleşýär.

Häzirki wagtda bütin Ýewropada çakdanaşa yssy howa çabgalardyr harasatlar bilen ornuny çalyşýar. Howanyň derejesi 40 gradusdan ýokarlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň