Turkmenportal logo
07.08.23
5599655996
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň gündogar sebitinde 14 desganyň açylmagyna garaşylýar
2023-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanyň gündogar sebitinde 14 desganyň açylmagyna garaşylýar

Häzirki wagtda Lebap welaýatynda möhüm desgalaryň 14-siniň gurluşygy çaltlandyrylan depginlerde alnyp barylýar.


Olaryň arasynda Türkmenabat şäheriniň Azatlyk şäherçesinde lagym suwlaryny bir ýere jemlemek üçin lagym sorujy bekedi, «Lebap» sement zawodynyň ikinji nobatdakysy, Çärjew etrabynyň Bitik geňeşliginde kuwwatly bir gije-gündizde 25 müň kub metr bolan suw arassalaýan desga hem bar. Bu barada Jeyhun.news ýazýar.


Ozal habar berşimiz ýaly, sebitde orta mekdepleriň 8-siniň we çagalar bagynyň hem gurluşygy tamamlanyp barýar.


Bellenilişi ýaly, Saýat etrabynyň Saýat şäherindäki, Dänew etrabynyň Dänew şäherindäki hassahanalaryň durklaryny täzelemek işleri hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.



Şeýle-de okaň: