Turkmenportal logo
07.08.23
2676726767
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
87 million 808 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy
87 million 808 müň dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

Birleşen Arap Emirlikleriniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen awtobenzini, dizel ýangyjyny, uçar kerosinini, polipropileni satyn aldylar. BAE-niň, Türkiýäniň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bu barada TDH habar berdi.


Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, dürli görnüşli dokma we tüýjümek önümleri, nah mata hem-de nah ýüplügi, agardylan pagta süýümini, dokma önümleriniň galyndylaryndan regenerirlenen süýümi satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 87 million 808 müň dollaryndan gowrak boldy.