Meşhur liwanly aşpez Abir El Sagir «TikTok» sosial ulgamyndaky şahsy sahypasynda türkmen milli tagamy bolan dogramany nädip taýýarlandygyny görkezdi.
24 ýaşly liwanly ýyldyz dürli halklaryň tagamlaryny bişirýändigi we olaryň wideo ýazgylaryny «Tik-Tok»-da köpçülik bilen paýlaşýandygy bilen tanalýar. Bu gezek ol türkmen halkynyň milli tagamy hasaplanýan dogramany taýýarlaýşyndan pursatlary wideoşekillerde görkezdi.
Wideony 5 sagadyň dowamynda, takmynan, bir million ulanyjy tomaşa etdi we halanýanlaryň sany 50 000 töweregi boldy.