Türkmenistanyň wekilçilikli topary Belarusda geçirilýän GDA-nyň II oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabarada 20-den gowrak gatnaşyjy döwletleriň wekilleri Minsk şäherinde jemlendiler.
Açylyş dabarasynda türkmen toparynyň baýdagyny şu ýylyň iýun aýynda Bişkekde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýanyň ýaşlar çempionatynyň altyn medalynyň eýesi Zyýamuhammet Saparow göterdi.
Türkmenistan Oýunlara sportuň 13 görnüşine wekilçilik etjek 82 türgen bilen gatnaşýar. Umumylykda bolsa Oýunlara 6 müňden gowrak wekil gatnaşar, olaryň 4 müňden gowragy türgenlerdir.

