Turkmenportal logo
06.08.23
2442324423
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2023: «Altyn asyr» «Nebitçini» Balkanabatda ýeňdi
TÝL ― 2023: «Altyn asyr» «Nebitçini» Balkanabatda ýeňdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 10-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygynda «Nebitçi» hem-de «Altyn asyr» toparlary duşuşdylar. Balkanabat şäherinde geçirilen duşuşyk 1:0 hasabynda paýtagtyň toparynyň peýdasyna tamamlandy.


Gazanan bu ýeňşinden soň 20 utuk toplan «Altyn asyr» ýaryş tertibinde ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 16 utugy bolan «Nebitçi» dördünji orunda ornaşdy.


Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary 8-nji awgustda geçiriler: «Merw» – «Arkadag», «Köpetdag» – «Energetik», «Şagadam» – «Nebitçi», «Altyn asyr» – «Ahal».


10-njy tapgyryň duşuşygy:


«Nebitçi»«Altyn asyr» – 0:1


Gol: 73 Zafar Babajanow.



Çempionatyň tablisasy:


T/b

Toparlar

O

Ý

D

U

T

U

1.

«Arkadag»

8

8

0

0

31-7

24

2.

«Altyn Asyr»

9

6

2

1

18-6

20

3.

«Köpetdag»

9

5

2

2

12-11

17

4.

«Nebitçi»

9

5

1

3

11-9

16

5.

«Aşgabat»

9

4

1

4

13-14

13

6.

«Şagadam»

9

2

1

6

6-16

7

7.

«Merw»

9

1

3

5

8-15

6

8.

«Energetik»

8

2

0

6

5-16

6

9.

«Ahal»

8

1

0

7

5-15

3