Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Müdiriýetiniň Başlygynyň 2023-nji ýylyň 14-nji iýunynda çykaran 189-iş belgili buýrugy bilen “Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurulýan ýaşaýyş jaýlarynyň meseleleri hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda çykaran 255-nji kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň raýatlaryna Arkadag şäherinde täze gurlan ýaşaýyş jaýlaryndan öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, satyn almaga karzlary bermegiň Tertibi tassyklanyldy.
Tertibe laýyklykda Öýleri gozgalmaýan emläk hökmünde girewe goýup, gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin karz 30 ýyl möhlete berilýär. Karzlar boýunça göterim tölegini ýylda 1 göterim derejesinde hem-de esasy bergini üzmek boýunça karz şertnamasynyň baglaşylan senesinden 5 ýyla çenli ýeňillikli döwür bellenilýär. Tertibiň doly görnüşi bilen minjust.gov.tm web-sahypasynda tanşyp bilersiňiz.