Top.Mail.Ru

Aşgabatdaky «Israel Cosmetics» dükany Ysraýyldan ýokary hilli kosmetika we pafýumeriýa önümleriniň dürli görnüşini hödürleýär

09:3305.08.2023
0
22791

Ysraýyl kosmetikasynyň ýokary hili bütin dünýäde mälimdir. «Israel Cosmetics» dükany Öli deňziň bejeriş palçyklary we duzlary ulanyp taýýarlanylan tebigy esasly kosmetika önümleriniň muşdaklaryny ýörite deri we saç üçin ideg önümleriniň, şeýle hem perfýumeriýanyň dürli görnüşleri bilen tanyşmaga çagyrýar.

«Israel Cosmetics» dükanynyň hödürleýän önümleriniň hatarynda şampunlar, adaty we suwuk sabynlar, deri üçin ideg kremleri, saçlar üçin ideg we bejeriş önümleri, skrablar, duş gelleri, hammam duzlary, ys beriji diffuzorlar, şeýle hem özboluşly hoşboý ysly atyrlar bardyr.

Parfýumeriýa önümleri «Israel Cosmetics» dükanynyň alyjylarynyň arasynda meşhurlyga eýedir. Bu ýerde haryt nyşanynyň 10, 50 we 100 millilitr göwrümli atyrlarynyň ähli görnüşleri hödürlenýär. Ysraýyl haryt nyşanlarynyň atyrlary ýokary durnuklylygy we otuzdan gowrak komponenti öz içine alýan baý düzümi bilen tapawutlanýarlar.

Kosmetika we parfýumeriýa önümleri gaýtalanmajak aýratynlyklary hem-de ýokary hili sebäpli, dostlaryňyz we ýakynlaryňyz üçin ajaýyp sowgat bolar. Aşgabatdaky «Israel Cosmetics» dükany Türkmenistanda bu haryt nyşanlarynyň önümlerini satyn alyp boljak ýeke-täk ýerdir.

– Biz diňe innowasion aýratynlyklary we iň döwrebap tehnologiýalary ulanýandygy bilen tanalýan öňdebaryjy ysraýyl haryt nyşanlary bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys. Olaryň ählisi Öli deňziň we beýleki tebigy gymmatlyklaryň minerallara baý tebigy maddalaryny peýdalanylyp taýýarlanylýar – diýip, dükanyň wekili belleýär. – Biziň satyjy-geňeşçilerimiz önümleriň ähli görnüşleri barada gürrüň bermäge we size laýyk gelýän önümi saýlamaga kömek etmäge hemişe taýýardyrlar.

«Israel Cosmetics» dükanynyň hödürleýän görnüşleri bilen «Berkarar» SDAM-nyň 3-nji gatyndaky D-39B dükanynda, şeýle hem sosial ulgamdaky sahypasynda tanşyp bilersiňiz. Goşmaça maglumat üçin telefon belgisi: (+993 65) 50 00 80.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň