Turkmenportal logo
04.08.23
4161941619
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Üçtaraplaýyn Aşgabat sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi
Üçtaraplaýyn Aşgabat sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi

Şu gün Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, metbugat maslahatynyň dowamynda üç döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine Aşgabatda Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň, Emomali Rahmonyň we Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemleri barada ýüzlenme bilen çykyş etdiler.


Şeýle hem ministrler žurnalistleri sammitde gol çekilen jemleýji resminama — Bilelikdäki Beýannama bilen tanyşdyrdylar.


Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki sammitiň oňa gatnaşan üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretjekdigi bellenildi.