Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýewiň duşuşygy boldy

12:5204.08.2023
0
53285

Şu gün Aşgabadyň «Arkadag» myhmanhanasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda iki goňşy döwletiň Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem taraplar halkara we sebit derejesindäki özara bähbitli meseleler barada pikir alyşdylar.

Prezidentler Serdar Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew geçiriljek üçtaraplaýyn duşuşygyň – Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň sebit hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösüşine itergi berjekdigine ynam bildirdiler.

Ozal Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşandygyny habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň