Turkmenportal logo
03.08.23
5881458814
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Bütindünýä tomusky uniwersiadasy ― 2023-däki ilkinji medalyny gazandy
Türkmenistan Bütindünýä tomusky uniwersiadasy ― 2023-däki ilkinji medalyny gazandy

Türkmenistanyň ýygyndysy şu günler Hytaýyň Çendu şäherinde dowam edýän Bütindünýä tomusky uniwersiadasyndaky ilkinji medalyny gazandy.


ORIENT-iň habar berşi ýaly, türkmenistanly uşuçy, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň bäşinji ýyl talyby Aýgözel Gurbangeldiýewa 52 kilograma çenli agram derejesinde bürünç medala mynasyp boldy.


Uniwersiada türkmen talyplarynyň sportuň dört görnüşi boýunça gatnaşýandygyny ýatladýarys. Olaryň 3-si ýeňil atletika, 4-si uşu, 3-si suwda ýüzmek, 6-sy bolsa dzýudo boýunça ýaryşlara wekilçilik edýär.


Uniwersiadada sportuň 18 görnüşi boýunça medallaryň 269 toplumy gowşurylar.