Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Köýtendag kän müdirliginde ýokary zähmet üstünligi gazanylýar

18:2102.08.2023
0
26933

Köýtendag kän müdirliginde şu ýylyň alty aýynda gurluşyk çaglynyň 117 müň 480 kub metri, ýuwlan çägäniň 148 müň 860 kub metri, «but» daşynyň 65 müň 860 kub metri, şeýle hem gips daşynyň 6 müň 7 tonnasy öndürilip, bu baradaky ýarym ýyllyk meýilnama üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, müdirligiň öndürýän beton kerpiçleriniň-de alyjysy ýetik. Geçen alty aýda 20x40 santimetr ölçegdäki bu kerpiçleriň 96 müňe golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Müdirligiň hünärmenleri gurluşyk hekiniň-de gorlarynyň bar ýerlerini anyklap, dürli tejribeleri geçirdi. Şeýlelikde, hekiň hiliniň örän ýokarydygy ýüze çykaryldy we ony taýýar önüm derejesine getirmek işi ýola goýuldy.

Müdirligiň iş meýdançasyndan 8 kilometr uzaklykda ýerleşýän Kelif şäherçesiniň golaýynda «but» daşlaryny öndürýän sehiň işi ýola goýuldy. Bu daşlar, ylaýta-da, kenary berkitmekde giňden ulanylýar. Şeýle giň möçberli işlerde diňe tehnikanyň kömegine daýanylýar. Munuň üçin müdirligiň ulag toplumynyň üsti mydama täze tehnikalar bilen ýetirilip durulýar.

Gurluşyk hekine bolan islegiň artmagy bilen, geçen alty aýda onuň 4 müň 484 tonnasy sarp edijilere ugradylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň