Turkmenportal logo
02.08.23
3711837118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Şermetowa GDA-nyň II oýunlarynyň öňüsyrasyndaky pikirlerini paýlady
Şermetowa GDA-nyň II oýunlarynyň öňüsyrasyndaky pikirlerini paýlady

GDA-nyň II oýunlarynyň agyr atletika boýunça ýaryşlary Belarus Respublikasynyň Grodno şäherinde geçiriler. BELTA-nyň ýazmagyna görä, Belarus Respublikasyna gelip, ilkinji pikirlerini paýlaşan türgenleriň biri türkmenistanly agyr atletikaçy Kristina Şermetowa boldy.


«Aşgabatdan Türkmenbaşy şäherine, ol ýerdenem Minske uçarly gitdik. Ýol kyn düşmedi. Belarusa gelmezden ozal Gazagystanda türgenleşdik» diýip, ol metbugata maglumat berdi.


Kristina Şermetowa Türkmenistanyň agyr atletika ýygyndysynyň mümkinçilikleriniň uludygyny aýtdy.


«Erkekler ýygyndymyzda bäş, zenanlar ýygyndymyzda üç türgen bar. Olaryň arasynda dünýä çempionlary hem, Olimpiýa oýunlaryna gatnaşanlar hem bar. Bäsdeşlerimizi hem tanaýarys» diýip, ol ýaryşa uly güýç bilen gelendiklerini nygtady.