Turkmenportal logo
02.08.23
9136791367
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi: Moskwa — Aşgabat petekler Kazanyň üsti bilen uçuşlar üçin güýje girýär
Russiýadaky «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň baş agentligi: Moskwa — Aşgabat petekler Kazanyň üsti bilen uçuşlar üçin güýje girýär

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agenti «WKontakte» sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda Moskwa — Aşgabat we Aşgabat — Moskwa ugurlary boýunça uçuşlar üçin satyn alnan ähli petekleriň Kazan — Aşgabat we Aşgabat — Kazan ugurlary boýunça hereket edýändigini habar berýär.


Habarda: «Moskwa — Aşgabat ugry boýunça petekleri bolan ýolagçylary Kazan howa menziline we Aşgabatdan gelýänleri Kazan howa menzilinden Moskwa mugt eltiljekdigini ýatladýarys» diýilýär.


Ýolagçylardan petekde görkezilen gidiş wagtyndan 3 sagat öň Domodedowo howa menziline gelmegi we täzelenmeleri yzarlamagy haýyş edilýär.


«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Russiýadaky baş agentiliginiň habarynda «Ähli petekleriň güýjüni saklaýandygy barada» aýdylýar.


Ozal «Turkmenportal» «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 1-nji awgustyndan Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlarynda uçuşlaryň togtatýandygyny habar beripdi. Russiýa uçuşlar Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB) ugurlarynda amala aşyrylar.


Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan alyp bilersiňiz.