Turkmenportal logo
02.08.23
3544535445
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugyna fitosanitar enjamlary gowşuryldy
Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugyna fitosanitar enjamlary gowşuryldy

Türkmenistanyň Ösümlikler boýunça Döwlet karantin gullugy düzgünleşdirilen önümleri barlamakda ulanylýan 25 sany fitosanitar toplumyny aldy.


Toplumlar ÝB tarapyndan maliýeleşdirilýän BOMCA maksatnamasy — Merkezi Aziýa ýurtlaryna serhet dolandyryşynda kömek bermek taslamasynyň çäginde berildi.



Aşgabatdaky Ýewropa Bileleşiginiň wekiliýetiniň sosial ulgamlarynda habar berilişi ýaly, fitosanitar enjamlary degişli bölümleriň maddy-tehniki binýadyny has-da berkitmek üçin türkmen tarapynyň ýörite haýyşy esasynda satyn alyndy.