Soňky habarlar

Arhiw

Lebap welaýatynda 500-den gowrak mugallym işe ugradyldy

16:2901.08.2023
0
70211

Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Lebap welaýatynyň bilim we terbiýeçilik edaralaryna ýaş hünärmenleriň 523-si işe ugradyldy.

Şu günler welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda olar bilen okuwlar geçirilýär. Bu barada Jeyhun.news habar berýär.

Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesinde mugallymçylyk ugurly bilimiň berilýändigini ýatladýarys. Türkmenabat şäherinde bolsa Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty hereket edýär. Diňe şu ýokary okuw mekdebiniň bir özünde her ýylda ýüzlerçe ýaş hünärmen zähmet ýoluna ugradylýar.

Ozal Türkmenabat şäherinde 2000-den gowrak LED çyralarynyň oturdylandygy barada habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň