Bütin dünýäde giňden tanalýan mekdep we ofis harytlarynyň öndürijisi bolan «Erich Krause» brendiniň Türkmenistandaky resmi paýlaýjysy täze okuw ýylynyň bosagasynda müňden gowrak täze haryt görnüşleriniň gelip gowşandygyny habar berýär.
«Erich Krause» dükanynyň assortimentinden müşderiler orta mekdepde ýa-da ýokary okuw mekdepde zerur bolan zatlary, şeýle hem ofisde öndürijilikli işlemek üçin gerekli bolan esbaplary: ruçkalary, galamlary we reňkli galamlary, mekdep depderlerini, markerleri, flomasterleri, akwarelleri, plastilinleri, surat albomlaryny, dürli görnüşli ýelimleri, şeýle hem mekdep rýukzaklaryny, bukjalary, ofis esbaplary tapyp bilerler.
Kompaniýa şeýle hem kanselýariýa dükanlarynyň we dürli kärhanalaryň hem-de guramalaryň wekilleri bolan alyjylary lomaý söwda etmek babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrýar.
«Erich Krause» önümlerini ýokary hilliligi, ulanmakda ýeňilligi, ajaýyp dizaýny, daşky gurşawa zyýansyzlygy we çydamlylygy tapawutlandyrýar. Kompaniýanyň wekili diňe bir import edilýän önümleriň originallygyny däl, eýsem üpjünçiligiň durnuklylygyny we önümleriň giň assortimentiniň bolmagyny kepillendirýär.
«Erich Krause» brendi senagat dizaýny pudagynda «Red Dot Product Design» halkara baýragyna mynasyp boldy. Kompaniýanyň önümleri dünýäniň 50-den gowrak ýurduna eksport edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 78 53 35, (+993 12) 75 36 53.
Elektron poçta salgysy: distribution-tm@mail.ru