Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

22:3431.07.2023
0
45480

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife ýurduň Bajaur etrabynyň Kar şäherinde bolup geçen partlamanyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, «Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar» diýlip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gynanç hatynda aýdylýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň