Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi

21:5131.07.2023
0
27576
Serdar Berdimuhamedow häkimler bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow çykyş edip welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, şu günler welaýatlaryň babadaýhanlary tarapyndan gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär, bu ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilýär.

Şeýle hem welaýatlardaky pagta arassalaýjy kärhanalary, harmanhanalary we pagta ýygyjy kombaýnlary ýygym möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri dowam edýär.

Mundan başga-da, hasabatlarda welaýatlarda güýzlük ekinleriň ekişini agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleriniň hasabatlaryny diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetini belledi hem-de welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda ideg hem-de bugdaý ekiljek meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini, şeýle hem ekiş möwsüminde babadaýhanlary ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutany Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda hem-de binalarda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda welaýat häkimleriniň hasabatlaryndan soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurtda şu ýylyň hasyly üçin gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär. Şeýle hem pagta ýygýan kombaýnlary we beýleki oba hojalyk tehnikalaryny, pagta arassalaýjy kärhanalary, pagta kabul ediş harmanhanalary we terezileri ýygym möwsümine taýýarlamak işleri alnyp barylýar.

Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda degişli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny, şeýle hem bugdaý tohumlaryny taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär.

Türkmenistanda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen bazarlarymyzy üpjün etmek hem-de bu ekinleriň ekişini bellenen möhletlerde geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen bir hatarda Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda, Mary welaýatynyň gant şugundyry ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri ýerine ýetirilýär.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň bellenen talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi hem-de şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we talabalaýyk geçirilmeginiň berk gözegçilikde saklanylmagy babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mundan başga-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda we bellenen möhletlerde ýerine ýetirilişine, ekiş möwsüminde ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli bugdaý tohumlary bilen üpjün edilişine toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutany iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça meýdanlarynda geçirilýän ideg işleriniň hem-de bugdaý ekiljek meýdanlary ekişe taýýarlamak, güýzlük oba hojalyk ekinleriniň ekişi boýunça alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamak babatda birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň